img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RAÝAT AWIASIÝASY HALKARA GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň ABŞ-daky, şol bir wagtda Kanadadaky Ilçisi M.Orazow Kanadanyň Monreal şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Ilçi Raýat awiasiýasy halkara guramasynyň Baş sekretary hanym Fan Lýu bilen bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Raýat awiasiýasy halkara guramasynyň wajyp halkara protokollaryna goşulýandygyny tassyklaýan iki resminamanyň asyl nusgasyny gowşurdy. Şeýle-de taraplar bu Guramanyň Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 24-nji...

DOWAMY
pic
24 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNISEF-IŇ TÄZE WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz missiýasyna başlaýan ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky täze bellenilen wekili hanym Kristina Weýgand bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Hanym Kristina Weýgandy jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy çagalaryň hukuklary bilen bagly ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de goldamaga taýýardygyny beýan etdi....

DOWAMY
pic
23 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TATARYSTAN RESPUBLIKASYNDA IŞ SAPARYNDA BOLDY

2019-njy ýylyň 23-nji iýunynda Kazan şäherinde, Russiýa Fedrasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ondan soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda giňeldilen düzümdäki duşuşyk hem geçirildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynyň meselelerine garaldy hem-de hyzm...

DOWAMY
pic
23 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RF-NIŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY

2019-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Kazan şäherine gitdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň bolmagyna garaşylýar.

DOWAMY
pic
22 Iýun

OWGANYSTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA IŞ SAPARY BOLDY

2019-njy ýylyň 22-nji iýunynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Hamdulla Mohibiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Owganystan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolup durýar.   Owgan wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň hormatly Pr...

DOWAMY
pic
21 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RF-NIŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR

Ýakyn wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary meýilleşdirilýär. Saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda resminamalaryň giň toplumyna garalmagy göz öňünde tutulýar.

DOWAMY
pic
21 Iýun

“ULAG, LOGISTIKA WE DEŇIZ PORTLARYNYŇ DOLANDYRYŞ ULGAMYNY ÖSDÜRMEKDE TÜRKMEN-KOREÝ HYZMATDAŞLYGY” ATLY ÝÖRITE MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabatda “Ulag, logistika we deňiz portlarynyň dolandyryş ulgamyny ösdürmekde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy” atly ýörite maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň, Senagatçylar we telekiçiler birleşmesiniň degişli edaralarynyň wekilleri, Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň diplomatlary, bu ýurduň “Maritime” institutynyň wekilleri şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdep...

DOWAMY