SOŇKY HABARLAR
“TÜRKMENISTAN” AWIAKOMPANIÝASY AŞGABATDAN SEULA HOWA GATNAWYNY ÝOLA GOÝDY
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Aşgabat Halkara howa menzilinden Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seula täze açylan ugur boýunça ilkinji göni uçuş amala aşyryldy. Uçuşy ýurduň “Türkmenistan” milli awiakompaniýasy amala aşyrdy. Uzynlygy 5 842 kilometr bolan uçuş takmynan 7 sagat 30 minut dowam etdi. Ilkinji uçuşa 365 ýolagçy gatnaşdy. Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlary hepdede bir gezek — duşenbe günleri amala aşyrlar. Täze ugur talyplar, iş saparlary hem-de syýa...
TÜRKMENISTAN BILEN RUANDA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLAR ÝOLA GOÝULDY
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekişlik dabarasy geçirildi. Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Ruanda Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Martin K Ngoganyň arasynda ikitaraplaýyn we kö...
TÜRKMENISTANDA ÝURT BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÝUBILEÝ MEDALY DÖREDILER
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu barada ýurduň resmi metbugaty habar berýär. Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gurbanowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan berlen tabşyrygy esasynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Tü...
AWAZADA GEÇIRILJEK HALKARA FORUMYNA 30-DAN GOWRAK DÖWLET BAŞTUTANY GATNAŞAR
Şu ýylyň 4 – 8-nji awgustynda Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiler. Foruma 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada, şu ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Ber...
11-NJI IÝULDA BÜTINDÜNÝÄ BEDEW GÜNI BELLENILÝÄR
Şu gün, 11-nji iýulda dünýäde ilkinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň Karary bilen döredilen Bütindünýä bedew güni bellenilýär. Gözelligi, görmegeýligi we milli ruhy beýan edýän Ahalteke bedewli Türkmenistan üçin bu baýramyň uly manysynyň bardygyny bellärliklidir. Ajaýyp bedewler bilen köp ýyllaryň dowamynda aýrylmaz baglanyşykly bolan biziň ýurdumyzda milli bedew baýramçylygy döwlet derejesinde giňden bellenilýär, hem-de bu dünýä derejesindäki baýramçylyga aýratyn gadyr bilen goşulýar. Aha...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-INIŇ ÝOLBAŞÇYSY MOLDOWALY, BURUNDILI WE ÇADLY KÄRDEŞLERI BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow aýratynlykda Moldowa, Burundi we Çad döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler hem-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) görülýän taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, Moldowa Respublikasynyň daşary işler ministri Mihai...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGI UKRAINANYŇ "FREEДОМ" TELEÝAÝLYMY TARAPYNDAN TÜRKMENISTAN BARADA HAKYKATA GABAT GELMEÝÄN WE ÝOÝULAN MAGLUMATLARYŇ ÝAÝRADYLMAGY BOÝUNÇA RESMI METBUGAT BEÝANATYNY ÝERLEŞDIRDI
Ukrainanyň habar beriş serişdeleri tarapyndan Türkmenistan barada ýaýradylan tendensioz häsiýetli habarlar bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylary beýan edýär. Türkmen tarapy şu ýylyň 8-nji iýulynda Ukrainanyň «FREEДОМ» teleýaýlymynda Türkmenistanyň internete elýeterlilik babatynda göýä «ýapyklygy» barada aýdylan tendensioz häsiýetli we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlary bilen baglylykda nägileligini bildirýär. Bu ýagdaý aňrybaş düşünişmezligi döredýär, çü...