RSS

SOŇKY HABARLAR

7 Mar

KHBS üçin habar

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri goňşy döwletler bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek bolup durýar. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 4-6-njy marty aralygynda Owganystanyň Senagat we söwda ministriniň w.ý.ý. Alhaj Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Owganystanda öndürilen önümleriň sergisine, işewürlik forumyna we türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin guralan beýleki çärelere gatnaşmak maksady bilen T...

DOWAMY
6 Mar

Aşgabatda ÝHHG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygy

2024-nji ýylyň 5-nji martynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň binasynda ÝHHG-niň üç ölçeginiň çäginde hyzmatdaşlygyň we sebit merkezleriniň işiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan ÝHHG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, ÝHHG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, ÝHHG-niň Sekret...

DOWAMY
5 Mar

The President of Turkmenistan received the OSCE Secretary General

On March 5, 2024, President Serdar Berdimuhamedov met with the Secretary General of the Organization for Security and Cooperation in Europe Helga Schmid. The head of state emphasized that Turkmenistan attaches great importance to consolidating efforts to ensure peace, security and sustainable development on the planet, whose foreign policy is based on the principles of positive neutrality. In this regard, one of the priorities is to strengthen interaction with major international organization...

DOWAMY
5 Mar

Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministriniň orunbasary bilen geçirilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministriniň Maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badryň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde durýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda, iki döwletiň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Döwlet...

DOWAMY
4 Mar

Kiýew şäherindäki Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän kitaphanada Akyldar şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen medeni-şahyrana çäreler barada

04.03.2024 senede Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy we Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanasy bilen bilelikde tanymal türkmen şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatyny we türkmen edebi dilini esaslandyryjy, Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyna bagyşlanyp bu kitaphanada medeni we şahyrana çäreler geçirildi. 1969-njy ýylda döredilen Magtymguly kitaphanasy köp ýyllaryň dowamynda Akyldar Pyragynyň eserlerinde dostluga, agzybirlige, ynsanperwerlige, milli däp-des...

DOWAMY
2 Mar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň işewürlik wekilleri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 1-nji martynda  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde  “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellenildi we ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki puda...

DOWAMY
2 Mar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagy

2024-nji ýylyň 1-nji martynda  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda boldy.  Mälim bolşy ýaly, Antalýa diplomatiýa foruma (ADF) möhüm ählumumy we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak, häzirki zamanyň wehimleriniň çözgütlerini tapmak, hyzmatdaşlygyň täze netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň dialog meýdançasyny döretmäge gönükdirilen başlangyç...

DOWAMY