SOŇKY HABARLAR
Bütindünýä şygryýet gününde Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” şygyry dünýäniň dürli dillerinde ýaňlanýar
Görnükli şahsyýetlere öz halkynyň ykbalyny öňünden görmek ukyby berilýär. Şeýlelik bilen, ýüzlerçe ýyl öň Magtymguly Pyragy öz watanynyň geljegini görüp bildi we türkmenleri garaşsyz, gülläp ösýän döwletde birleşmäge we asuda durmuşda ýaşamaga çagyrdy. Bütindünýä şygryýet gününi bellemegiň öňüsyrasynda Magtymgulynyň arzuwlary we türkmen halky hakynda dünýä belli “Türkmeniň” goşgusy çeper ýerine ýetirildi. Ukrainadaky we daşary ýurtlardaky türkmen ýaşlary, şeýle hem türkmen diplomatlary şahyry...
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Halkara ynsanperwer uniwersitetiniň rektory we wekilleri bilen duşuşyk geçirdi
20.03.2025 senede Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Ukrainanyň Halkara ynsanperwer uniwesitetiniň rektory Konstantin Gromowenko we halkara gatnaşyklar boýunça merkeziniň direktory Alborz Pahlewanzade bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Ilçisiniň uniwersitetiň wekilleri bilen duşuşygy ylym-bilim ugurlaryndaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlandy. Odessa Halkara ynsanperwer Uniwersitetiniň wekilleri halkara bilimini ösdürmäge gönükdirilen 20 ýyldan gowrak taryhy bo...
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi “Kiýew-Mogilan akademiýasy” milli uniwersitetiniň professory Ferhad Gardaşkan ogly Turanly bilen duşuşdy
20.03.2025 senede Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Ukrainanyň “Kiýew-Mogilan akademiýasy” milli uniwersitetiniň umumy we slawýan dilleri fakultetiniň professory Ferhad Gardaşkan ogly Turanly bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Ilçisi T.Ataýew taryhçy we türkolog F.Turanly bilen özara gyzyklanýan köp sanly ylmy, bilim we medeni meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Esasanam türki halklarynyň taryhy we medeniýeti boýunça ylmy işler bilen meşgullanýan professor görnükli türkmen şahyr...
Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly täze şahyrana eseriniň ýerine ýetirilmegi
Bütindünýä şygryýet gününiň öňüsyrasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly täze şahyrana eseri ýerine ýetirilýär. Şygyryň mazmuny garaşsyz ýurdumyzyň parahatçylyk, bitaraplyk we doganlyk ýörelgelerine, şeýle hem ähliumumy abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirilýän başlangyçlara esaslanýar. Goşgynyň ýazylmagy BMG-nyň Baş Assambleýasynyň ýörite karary esasynda Türkmeni...
Aşgabatda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirilýär
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçirilýär. Bu çäre döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, ýerli kärhanalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda ukrain kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň maksatnamasy kiçi we orta telekeçiligi goldamak, oba hojalygyna innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem...
Ukrainadaky türkmen ýaşlary Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli goşgy okaýarlar
Bütindünýä şygryýet gününiň öňüsyrasynda Ukrainadaky türkmen ýaşlary beýik adamlaryň öz watanyna we halklaryň arasyndaky dostluga bagyşlanan goşgularyny okaýarlar. Adaty çeper şygyr okaýyşlar häzirki Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has möhüm bolan bilimiň we paýhasyň çeşmesi, ýagşylygyň we parahatçylygyň geçirijisi bolan şahyrana sözüne ünsi çekmegiň usulydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygyry Gündogaryň görnükli nusgawy türkmen şahyry we akyldaryna bagyşlanan goşgy,...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine iş sapary
2025-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi. Türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň işjeňleşýändigini bellemek bilen, şu ýylyň 3-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ähmiýetini nygtady. Konstruktiw ikitar...