RSS

SOŇKY HABARLAR

23 Ýan

TÜRKMENISTANDA ŞWEÝSARIÝANYŇ ILÇISI IŞE BAŞLADY

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteliden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap,  diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda diplomat ýurdumyzyň daşary syýasaty bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederas...

DOWAMY
23 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WE ÝAPONIÝANYŇ YLYM-BILIM GATNAŞYKLARYNYŇ GERIMI GIŇEÝÄR

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tsukuba Uniwersitetiniň Prezidenti K.Nagata we Soka Uniwersitetiniň Prezidenti M.Sudzuki bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn ylym we bilim, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmegiň ähmiýetli meselelerine seredildi. Ýaşlar syýasaty babatynda maksatnamalaryň we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýraty...

DOWAMY
23 Ýan

ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADYÝET, SÖWDA WE SENAGAT MINISTRLIGINDE GEÇIRILEN DUŞUŞYK

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmany beýan etdiler. Şunda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtalyp, bu babatynda taraplaryň syýasy erkiniň hem-de giň ykdysady mümkinçilikleriniň barlygyna üns çekildi. Duşuşykda himiýa zawodlarynyň,...

DOWAMY
23 Ýan

ÝAPONIÝANYŇ IŞEWÜRLER JEMGYÝETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN GEPLEŞIKLER

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge we onuň täze ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirildi. Türkmen tarapy energetika, mineral serişdeleriň özleşdirilmegi, himiýa senagaty we ulag ulgamlarynda taslamalaryň amala aşyrylmagy babatynda köpýyllyk taryha eýe bolan döwletara gatnaş...

DOWAMY
23 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasi Hiýaşi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň ähmiýetli ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Daşary işler ministri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynd...

DOWAMY
23 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASYNDA «PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» ÝYLYNYŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu baýramçylyk çäresi, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna we 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan täze ýylyň Ukrainada geçirilen ilkinji çäresi boldy. Türkmen ýaşlary möhüm çärä taýýarlyk görüp, dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna goşulan şahyr-akyldar Magtymguly Pyragy...

DOWAMY
23 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASYNDA TÜRKMENISTANYŇ ÇUŇŇUR HORMATLANÝAN PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ «ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY» ATLY ILKINJI KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplar, türkmen diasporasynyň wekilleri we diplomatlar gatnaşyp, dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny barada belläp geçdiler. Şeý...

DOWAMY