RSS

SOŇKY HABARLAR

16 Noý

TÜRKMEN-HYTAÝ STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýyň ýolbaşçylygyndaky  Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen söhbetdeşlik geçirdi.  Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň geriminiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň s...

DOWAMY
15 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE EKOLOGIÝA WE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ekologiýa, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi barada pikir alşyldy we geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Ministriň belleýşi ýaly, Türkmenistan howanyň üýtge...

DOWAMY
15 Noý

TÜRKMENISTAN BILEN ÝAPONIÝANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriň başlyklary R.Meredowyň we H.Tsubaýyň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi. R.Meredow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly we uzakmöhletleýin häsiýetini belledi...

DOWAMY
14 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasakini kabul etdi.   Diplomat döwlet Baştutanymyza Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň mähirli salamyny, şeýle hem Ýaponiýanyň Imperatorynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ygtybarly binýady goýlan türkmen-ý...

DOWAMY
13 Noý

TÜRKMENISTAN BILEN UNEP-IŇ ARASYNDA ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK HAKYNDA ÄHTNAMA GOL ÇEKILDI

2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek dabarasy geçirildi. Bu resminama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow hem-de UNEP-iň Senagat we ykdysadyýet bölüminiň müdiri Ş.Agarwal-Han gol çekdiler. Resminamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm taraplarynda...

DOWAMY
10 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki möhüm meseleler barada pikir alyşdylar. Şunda Ministr Türkmenistanda demokratik institutlary mundan beýläk-de kämilleşdirmek...

DOWAMY
10 Noý

ÝHHG-NIŇ DEMOKRATIK INSTITUTLARY WE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada iş sapary bilen gelen ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory Matteo Mekaççiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ministr bu saparyň Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi nukdaýnazaryndan möhümdigini belledi. Türkmenistanyň beýleki halkara guramalar bilen bir hatarda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy, Milli azly...

DOWAMY