RSS

SOŇKY HABARLAR

3 Noý

AŞGABATDA “MERKEZI AZIÝA — KOREÝA RESPUBLIKASY” WE “TÜRKMENISTAN — KOREÝA RESPUBLIKASY” IŞEWÜRLIK GEŇEŞLERINIŇ MEJLISLERI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda  Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Wekilçilikli forumyň işine degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekiliýetleri gatnaşdy. Onda sebit derejesinde söwda-y...

DOWAMY
2 Noý

BMG-NIŇ DÖREDILMEGINIŇ 78 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky ýöriteleşdirilen edaralarynyň we agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräni açmak bilen, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmekde alyp barýa...

DOWAMY
2 Noý

TÜRKMENISTAN BILEN UNOPS-YŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň (UNOPS) köp ýurtly edarasynyň direktory Freýa fon Grooteniň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara taslamalaryna hyzmat etmegiň çäginde UNOPS bil...

DOWAMY
2 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Özbegistanda doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostluk...

DOWAMY
2 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza, şeýle hem hormatly Arkadagymyza Prezident Emomali Rahmonyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Täjigistanda Türkmenistan bilen däp bolan netijeli dialogyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serda...

DOWAMY
2 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewi kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýun...

DOWAMY
2 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY, DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleuny kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de goňşy ýurduň Türkmenistan bilen däp bolan, iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Tü...

DOWAMY