SOŇKY HABARLAR
KHBS ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Trampyň janyna howp salynmagy bilen baglanyşykly habary Türkmenistanda uly howatyrlanma bilen kabul edilendigi barada habar berýär. Türkmen tarapy güýç ulanmak boýunça bu hereketi aýgytly ýazgarýar we Donald Trampa tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýär. Türkmenistan terrorçylygyň ähli görnüşleriniň ýüze çykmasyna we jemgyýetde dartgynlygy döredýän syýasy süteme garşy göreşmek boýunça halkara tagallalarynyň işjeň gatnaşyj...
Kiýewde medeni işgärleriň we türkmen ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Pyragynyň poeziýasy bilen dünýä göz aýla” atly geçirilen onlaýn şygyr okaýyş marafony barada
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň goldawy bilen Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasy tarapyndan “Pyragynyň poeziýasy bilen dünýä göz aýla” atly onlaýn şygyr okaýyş marafony geçirildi. Akyldar Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okamak boýunça marafon 27.06.2024 senede Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriň, hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güninde başlanyp, 8-nji iýula çenli dowam etdi. Garaşsyzlyk üçin göreşen beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gü...
Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 6-njy iýulynda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda abraýly halkara guramasynyň ýolbaş...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 6-njy iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy dostlarça salamlaşyp, «Arkadag» myhmanhanasynyň eýwanyna bardylar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de BMG-niň baýdagynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Milli Liderimiz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda duşuşy...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
2024-nji ýylyň 6-njy iýulynda Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açan duşuşygy irden paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda geçirildi. Döwlet Baştutanymyz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy salamlaşyp, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de Birleşen Mil...
Astana şäherinde beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Astana şäheriniň akimi Ženis Kasymbek we beýleki resmi adamlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Halk Ma...
Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan boýunça ýörite wekilleriň Katardaky üçünji duşuşygyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 30-njy iýunyndan 1-nji iýuly aralygynda Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň howandarlygynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň üçünji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar, şol sanda häzirki owgan häkimiýetiniň wekilleri Owganystandaky häzirki syýasy, ykdysady we ynsanperwer ýagdaý, Owganystandaky hususy pudagyň mümkinçiliklerini giňeltmek we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşy...