img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Okt

YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşi Türkmenistanyň başlangyjy boýunça parahatçylygy pugtalandyrmakda Bitaraplygyň orny baradaky kararnama kabul etdi

Türkmenistanyň wekiliýeti 17-18-nji oktýabrda Bagdat şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, gatnaşyjylar YHG-a agza ýurtlaryň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm meselelerine garadylar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «YHG giňişliginde we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösü...

DOWAMY
pic
20 Okt

Merkezi Aziýa ýurtlary we ABŞ hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 19-njy oktýabrda Samarkant şäherinde "C5+1" formatynda duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýumlaryny çekmek, ulag geçelgelerini ösdürmek we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. Duşuşygyň dowamynda garalan ykdysady meseleleriň çäklerinde özara söwdany giňeltmek, kompaniýalaryň işjeňligini ýo...

DOWAMY
pic
13 Okt

Ženewada Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak baradaky üstünlikli tejribesi bellenilip geçildi

12-nji oktýabrda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Milletler köşgünde Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Umumy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň wekilýetiniň ýolbaşçysy çykyş edip, ynsanperwer ug...

DOWAMY
pic
10 Okt

Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygy

2026-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 34 ýyl dolýar. Özara hormat goýmak, ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ymtylyş ýörelgeleri esasynda geçen ýyllaryň dowamynda iki döwletiň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk binýady kemala geldi. Türkmenistan bilen Ukraina syýasy-diplomatik dialogy yzygiderli goldap, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürýärler. Hususan hem bilim, ylym...

DOWAMY
pic
9 Okt

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirildi diýip. Mejlisiň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlary Hazar ekologiýa sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Çözgüdi kabul etdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Hazaryň deňiz gurşawyny goramak we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ähli gyzyklanma bildirýän...

DOWAMY
pic
9 Okt

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşyga agza ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň suw çüwdürimler toplumynyň çäginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Medeni çärä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ýokary derejeli wekiliýetleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Konsert maksatnamasy GDA ýurtlarynyň meşhur estrada ýerine ýetirijileriniň we tans toparlarynyň täsi...

DOWAMY
pic
8 Okt

Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

?Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm meselelerini, şol sanda kiberjenaýatçylyga garşy göreşmek bilen bagly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda birnäçe möhüm resminama makullanyldy. Olaryň hatarynda iş kesilen adamlary bermek baradak...

DOWAMY