KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULY KITAPHANASYNYŇ MUZEÝINE TÜRKMEN MILLI GYMMATLYKLARYNYŇ WE DÜRLI DILLERDÄKI KITAPLARYŇ GOWŞURYLMAGY

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda çäre geçirildi. Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy dabaraly ýagdaýda kitaphananyň çäginde ýerleşýän Magtymguly muzeýine türkmen milli gymmatlyklarynyň we dürli dillerdäki kitaplaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi tarapyndan iberilen bu gymmatlyklar türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň we ruhy däpleriniň ajaýyp nusgalary bolup, aýawlylyk bilen saklanyp, nesilden-nesle geçip gelýär.

Kabul ediji tarap, Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrap administrasiýasynyň medeni bölüminiň başlygy Ýe.Starodubowanyň ýolbaşçylygynda “Swiçado” merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň direktory S.Gonda we Magtymguly adyndaky kitaphananyň direktory Ýe.Zubar dagylar ýubileý ýylynda aýratyn ähmiýete eýe bolan we türkmen nusgawy şahyrynyň mirasyny has giňişleýin öwrenmäge we ýaýratmaga niýetlenen muzeý üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Indi Magtymguly muzeýinde halk senetçiliginiň önümlerini, nepis dokalan haly önümlerini, zenanlaryň milli şaý-seplerini, türkmen milli egin-eşiklerini we baş gaplaryny, dutar, gyjak, gopuz we gargy tüýdük ýaly milli saz gurallaryny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň heýkelini, kanwada dokalan we zehinli türkmen suratkeşleriniň suratlaryny görüp bolar. Kitaphananyň kitap fondy we muzeý türkmen edebiýaty, hususan-da Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryh, medeniýet, binagärlik we türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly we onuň bahasyna ýetip bolmajak şahyrana mirasy baradaky kitaplar bilen dolduryldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Gündogaryň görnükli nusgawy şahyry, söz we pelsepe ussady Magtymguly Pyragynyň gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.