Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 2-nji iýulynda Ukrainanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýewiň Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko bilen duşuşygy bolup geçdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk işjeňleşdirmek boýunça amaly ädimlere garadylar.
Esasy üns şu ýylyň iýun aýynda Oleksandr Mişenkonyň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň netijelerine gönükdirildi. Ministriň orunbasary saparyň ýokary derejede guralandygy, türkmen tarapynyň däp bolan myhmansöýerligi hem-de geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň many-mazmunly bolandygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.
Saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşmaça itergi berendigi we taraplaryň konstruktiw hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklandygy bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda ukrain wekiliýetiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler Ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça giňişleýin pikir alyşyldy. Taraplar saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmegiň hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini saklamagyň möhümdigini bellediler.
Şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, Türkmenistanda taslamalary amala aşyrýan ukrain kompaniýalarynyň işine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şeýle-de türkmen işewürliginiň ukrain hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge gyzyklanma tassyklanyldy.
Mundan başga-da, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine, şol sanda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselelerine, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyny dowam etdirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns gönükdirildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar konstruktiw syýasy dialogy dowam etdirmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmäge hem-de Türkmenistanyň we Ukrainanyň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.