Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Wolodymyr Dal adyndaky Gündogar Ukrain Milli uniwersitetiniň we Şäheriň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça ylmy-barlag institutynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
03.07.2026 ý. Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýewiň Wolodymyr Dal adyndaky Gündogar Ukrain Milli uniwersitetiniň rektory Oleksiý Sselisew, uniwersitetiň prorektory Ruslan Galgaş, şeýle hem «Şäheriň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça ylmy-barlag instituty» kommunal ylmy-barlag edarasynyň direktory, Wolodymyr Dal adyndaky Gündogar Ukrain Milli uniwersitetiniň Adam saglygy fakultetiniň Saglygy goraýyş kafedrasynyň müdiri Sergiý Pawlowskiý bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda uniwersitetiň ýolbaşçylary okuw jaýynyň işiniň esasy ugurlaryny tanyşdyrdylar, onuň häzirki ösüş derejesi we bilim mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler. Uniwersitetiň halkara işine, daşary ýurtly talyplary okatmak mümkinçiliklerine, halkara bilim we ylmy maksatnamalary durmuşa geçirmek meselelerine, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlary guramak işlerine aýratyn üns berildi. Şol maslahatlara Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri hem gatnaşmaga çagyryldy.
Taraplar Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri we ylmy edaralary bilen Wolodymyr Dal adyndaky Gündogar Ukrain Milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, bilelikdäki bilim, ylmy-barlag we akademiki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de duşuşykda gozgalan meseleler boýunça dialogy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.