«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşyga agza ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň suw çüwdürimler toplumynyň çäginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Medeni çärä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ýokary derejeli wekiliýetleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Konsert maksatnamasy GDA ýurtlarynyň meşhur estrada ýerine ýetirijileriniň we tans toparlarynyň täsirli çykyşlaryny öz içine aldy.
Türkmenistanyň halk artistleriniň we at gazanan artistleriniň, meşhur aýdymçylarynyň, sazandalarynyň hem-de folklor toparlarynyň çykyşlary konsertiň özboluşly öwüşginini artdyrdy.
Baýramçylyk maksatnamasy türkmen halkynyň gadymy küştdepdi tansy bilen dowam etdi. Ol milli we dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymynyň bilelikde ýerine ýetirilmegi konsertiň jemleýji çykyşy bolup ýaňlandy.