TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR ULAG HYZMATDAŞLYGYNY DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAGA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GURNALDY

2022-nji ýylyň 18-nji iýulynda Aşgabatda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly iki günlük halkara maslahat öz işine başlady. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran wekilçilikli forumyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, halkara guramalaryň we maliýe edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri, bilermenler, maýadarlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Merkezi Aziýada «USAID» maksatnamasynyň wekilleri bar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.

Adaty görnüşde hem-de sanly ulgam arkaly guralan maslahatyň iş maksatnamasy “Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika toplumynyň dikeldilmegi: täze howplar we mümkinçilikler” atly plenar mejlisi hem-de “Ulag-kommunikasiýa toplumynyň sanlylaşdyrylmagy. Geljege nazar”, “Durnukly ulagyň ekologik jähetleri. “Ýaşyl” infrastrukturanyň ösdürilmeginde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny”, “Ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň orny” atly üç sany iş mejlisini özünde jemledi.

Duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ýagdaýy, ýük akymlarynyň ugurlary we ösüşi, ulagyň ähli görnüşiniň netijeliligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Ýewraziýada halkara gatnawlara goşulyşmak we olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şertlerinde Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda awtomobil hem-de howa ulagynyň eýeleýän orny ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky gatnaşyklary giňeltmäge çalyşmagy, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň üstaşyr ulag ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, esasy işewür toparlar bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi esasynda şertlendirilendir. 

Maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Işçi komitetiniň üçünji mejlisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran we Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ulag geçelgeleri boýunça birinji iş duşuşygy hem geçirildi.

19-njy iýulda halkara maslahat öz işini ugurdaş mejlis görnüşinde dowam eder. Onuň gün tertibine ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň orny, bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler giriziler.

Şeýle-de forumyň çäklerinde sylaglaýyş dabarasyny geçirmek, özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.