RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Okt

TÜRKMENISTAN BILEN AÖB BILELIKDÄKI TASLAMALARY DURMUŞA GEÇIRMEGI MASLAHATLAŞDY

2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýakyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň AÖB bilen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we bank ulgamynyň wekilleri bilen AÖB-nyň ýolbaşçylarynyň we degişli düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti...

DOWAMY
pic
3 Okt

OGUZ HAN ADYNDAKY «TÜRKMENFILM» BIRLEŞIGINIŇ WEKILIÝETI «GORKUT ATA» HALKARA KINOFESTIWALYNA GATNAŞÝAR

1-nji oktýabrda Gazagystanyň Mangistau welaýatynda «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Azerbaýjandan, Türkiýeden, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Wengriýadan hem-de Gazagystandan gelen kino sungatynyň wekilleri we medeniýet işgärleri gyzyl halydan geçdiler. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýetine öňdebaryjy kino hünärmenleri – režissýorlar, aktýorlar, filmleriň edebi esasyny ýazyjylar we operatorlar girýär. Festiwalyň çäklerinde t...

DOWAMY
pic
30 Sen

BARSELONA. ÝUNESKO. MEDENIÝET. TÜRKMENISTAN ÄHLUMUMY GÜN TERTIBINI TAÝÝARLAMAGA GATNAŞÝAR

Türkmenistan 29-njy sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda Barselona şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna (MONDIACULT-2025) işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet BMG-niň Durnukly ösüş pudagyndaky 2030-nji çenli döwür üçin gün tertibinde medeniýeti birleşdirmäge gönükdirilen ählumumy dialogynyň merkezinde durýar. MONDIACULT-2025 – bu geljekki onýyllyklarda medeni...

DOWAMY
pic
29 Sen

TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISI UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞDY

29.09.2025 senede Ukrainanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi jenap Toýly Ataýew Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Aleksandr Mişşenko bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlyga, şeýle hem iki ýurduň halkara guramalarynyň çäklerinde mundan beýläkki gatnaşyklaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, syýasy geňeşmeler baradaky teklipleri ara alyp...

DOWAMY
pic
26 Sen

27-NJI SENTÝABRDA TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYK GÜNÜNI BELLEÝÄR

Taryhy geçmişi müňýyllyklara uzaýan türkmen halky Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyny belleýär. Ýurdumyzyň garaşsyzlygy ähli ugurlarda üstünlikli döwlet gurmak we halky üçin has gowy geljegi döretmek üçin esasdyr we berk binýatdyr. Türkmenistan syýasy, ykdysady, peýdaly baýlyklary we adam mümkinçiliklerini netijeli peýdalanyp, jemgyýetçilik-ykdysady ösüş maksatlaryna ýetmek üçin yzygiderli öňe gitmegini dowam etdirýär. Ýurdumyz halkara platformalarynda, esasanam Birleşen M...

DOWAMY
pic
25 Sen

OGT 2025 TÜRKMEN TELEKEÇILERI ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLERI AÇAR

22–24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025” (OGT 2025) atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Bu ýylky forum ilkinji gezek 30 sany halkara kompaniýadan 100-den gowrak wekili bir ýere jemläp, türkmen bazarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we täze işewür mümkinçilikleri döretmek üçin möhüm meýdança bolar. Işewür gatnaşyklaryň ähmiýetini nazara alyp, guramaçylar sergi meýdançasynyň çaginde ýörite B2B zolagyny gurnadylar we emeli aň esasynda işleýän “Busin...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYKLY ÝAŞAÝYŞ BOÝUNÇA MERKEZI AZIÝA FORUMYNY GEÇIRMEGI TEKLIP ETDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” atly halkara forumy geçirmegi hem-de Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyny teklip etdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, parahatçylygyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy medeni-ruhy baglanşygyň saklanylmagy we häzirki döwrüň medeni ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. T...

DOWAMY