SOŇKY HABARLAR
ARKADAG ŞÄHERINDE 2026-NJY ÝYLYŇ ŞYGARYNYŇ ÄHMIÝETI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2-nji ýanwarda Arkadag şäheriniň häkimliginde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi – diýip. Dabaraly çärä Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ýolbaşçylary hem-de bu ugra ýöriteleşdirilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary, pudagyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Ho...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMEN HALKYNY TÄZE 2026-NJY ÝYL BILEN GUTLADY
Türkmenistan Täze ýyly uly dabara bilen garşy aldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny täze- 2026-njy ýyly bilen gutlady. Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag ýüzlenmesinde 2025-nji ýylda ýurtda iri möçberli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilendigini, senagat we oba hojalyk pudaklarynyň ösdürilendigini, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylandygyny belledi. “Biz täze ýyly ýagty arzuwlar we uly umytlar bilen garşy alýarys. Geljek ýyl...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BOÝUNÇA IKI KARARNAMA KABUL ETDI
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” hem-de “Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)” atly Kararnamalary biragyzdan kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde mälim etdi. Türkmenistanyň resmi m...
AŞGABATDA HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNA BAGYŞLANAN DABARA GEÇIRILDI
Aşgabatdaky «Mekan» köşgünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ýurduň diplomatik gullugynyň, halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, dürli ulgamlarda we pudaklarda zähmet çekýän raýatlar hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň geçirilen ýerinde, ilki bilen, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan giň möçbe...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄZE ÝYL DABARALARYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, asylly däbe görä, ýurduň Baş arçasynyň ýanynda hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy. Bu waka çagalarda aýratyn şatlyk duýgusyny döretdi. «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini ýaşajyk türkmenistanlylar öz öwrenen goşgularyny aýdyp garşyladylar. Täze ýylyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamyk hem baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler. Prezident Serdar...
TÜRKMENISTANDA 2026-NJY ÝYLYŇ ŞYGARY WE NYŞANY TASSYKLANDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň nyşanyny we şygaryny tassyklady. 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa çykyş edip, 2026-njy ýylyň nyşanyny we şygaryny taýýarlamakda halk wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmet toparlarynyň hem-de ýurduň raýatlar...
TÜRKMENISTANLY AGYR ATLETIKAÇYLAR DOHADAKY HALKARA ÝARYŞDA 12 MEDAL GAZANDYLAR
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilýän halkara ýaryşda 12 medal gazandylar. 71 kilogram agram derejesinde çykyş eden Bunýat Raşidow silterläp götermekde (145 kg) we iki görnüşiň jemi boýunça (314 kg) iki altyn medal, itekläp götermekde (169 kg) bolsa kümüş medal bilen sylaglandy. 63 kilogram agram derejesinde çykyş eden Medine Amanowa silterläp götermekde (91 kg), itekläp götermekde (111 kg) hem-de iki görnüşiň jemi bo...