img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Mar

Türkmenistanda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bellenilýär

Türkmenistanda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giň gerimde toýlanylýar. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Milli bahar baýramy mynasybetli ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady. “Merdana ata-babalarymyz ýylyň rysgal-berekedini Nowruzyň düşümli gadamy — ýagyş-ýagmyryň topraga bol ýagmagy bilen baglanyşdyrypdyrlar. Alabaharda ýag...

DOWAMY
pic
21 Mar

Ýylyň şygaryna laýyklykda, Magtymgulynyň goşgusy şygryýet marafonynyň bir bölegi hökmünde okaldy

Kiýewde dowam edýän şygryýet marafonynyň bir bölegi hökmünde, ajaýyp türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pragynyň eseri Pawlo Mowçanyň ukrain diline terjimesinde ýerine ýetirildi. Goşgy şahyryň Kiýewiň merkezindäki ýadygärliginde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň diplomaty tarapyndan çeper okaldy. Eserde batyrgaýlyk, çydamlylyk we durmuş saýlawlarynyň mowzuklary beýan edilýär. Şahyr atyň we çapuksuwaryň keşpleri arkaly aýgytlylygy, batyrlygy gorky we kararsyzlyk bilen deňeşdirýär, pä...

DOWAMY
pic
20 Mar

Taras Şewçenkonyň goşgusy şygryýet marafonynda medeniýetleri birleşdirýär

Bütindünýä şygryýet gününe taýýarlyk görmek üçin Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan guralan şygryýet marafonynyň dowamy hökmünde tomaşaçylara ajaýyp ukrain şahyry, ýazyjysy, suratkeşi we beýik kobzar Taras Şewçenkonyň “Dawudyň mynajatlary” atly goşgy eserinden parçasyny Ukrainadaky türkmen diasporasynyň wekili Kemal Gurbanmyradow türkmen dilinde çeper okady. Goşguda dürli halklara düşnükli we tanyş mowzuklar bolan ene söýgüsi, geljege bolan umyt we azatlyga bolan isleg çuňňur be...

DOWAMY
pic
20 Mar

Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär

Şu gün Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär. Oraza baýramynda türkmenistanlylar metjitlerde baýram namazyna ýygnanyp, bu mübärek aýda edilen ähli doga-dilegleriň Beýik Allanyň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdiler. Ruhy taýdan päklenmegiň aýy hasaplanylýan mukaddes Remezan aýynyň ähli sogaplaryny, şükranalyk, hoşniýetlilik ýaly ynsanyň gözel hem ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän Oraza baýramy köňüllere şatlyk paýlap, ak arzuwlary ganatlandyrýar, halkyň agzybirligini, jebisligini has...

DOWAMY
pic
19 Mar

Şygryýet marafonyna gatnaşyjy ukrain şahyrynyň goşgusyny çeper okady

Şygryýet marafonynyň çäginde türkmen diasporasynyň wekili Olga Ponomarýewa Lesýa Ukrainkanyň “Çaga ýaly, şeýledi...” goşgusyny çeper okady. Ukrain edebiýatynyň görnükli şahsyýetleriniň biri bolan ukrain şahyry şahsy azatlygyň, intellektual pikiriň we milli öz-özüňi aňlamagyň ugrundaky göreşiň simwolyna öwrüldi. Ol ukrain şygryýetini täze mowzuklar we keşpler bilen baýlaşdyrdy, şahsy tejribelerini azatlyk, mertebe we ynsan islegi baradaky pelsepewi oýlanmalar bilen utgaşdyrdy. Goşguda ruhy...

DOWAMY
pic
19 Mar

Hytaýyň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ahalteke bedewi sowgat berildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparynyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Gadyrly atly ahalteke bedewini sowgat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi. Si Szinpin ajaýyp sowgady hoşallyk bilen kabul edip, Hytaýda ahalteke bedewlerine uly hormat goýulýandygyny belledi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Başl...

DOWAMY
pic
19 Mar

Türkmenistan Hytaýyň ählumumy dört başlangyjyny goldaýandygyny tassyklady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Pekinde hytaýly kärdeşi Wan I bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Hytaý tarapyndan öňe sürlen dört ählumumy başlangyjy goldaýandygyny habar berdi. Şeýle hem türkmen tarapy “Hytaý — Merkezi Aziýa” üçünji sammitine taýýarlyk işlerine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Wan I iki halkyň arasyndaky dostlukly däpleri pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi we hemmetaraplaýyn str...

DOWAMY