img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Mar

TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLAR GEÇIRILDI

Ozal habar berşimiz ýaly, 29-njy martda sagat 7:00-da Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilýän saýlawlar boýunça ses bermek saýlaw uçastoklarynyň 578-siniň hemmesinde başlandy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Tükmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça mer...

DOWAMY
pic
29 Mar

APREL AÝYNDA TÜRKMENISTANDA HAÝSY JEMGYÝETÇILIK WE MEDENI ÇÄRELER GEÇIRILER?

27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa aprel aýynda Türkmenistanda meýilleşdirilen esasy çäreleriň hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň tertibi barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär. Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy, Bütindünýä saglyk güni, Türkme...

DOWAMY
pic
26 Mar

Türkmenistan we ÝUNESKO bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew 25-nji martda Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda birnäçe duşuşyk geçirdi. Duşuşyklarda guramanyň ýolbaşçylary bilen bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi. ÝUNESKO-nyň Baş direktory Haled Al-Enany bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegine garadylar....

DOWAMY
pic
25 Mar

Türkmenistanda ýazky at çapyşyklaryna badalga berildi

22-nji martda Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi. Halkara Nowruz gününiň dabaralary bilen gabat gelen bu waka goşa baýramçylyk hökmünde kabul edilip, ol belent joşgunly aýdym-sazlara hem-de dürli medeni çärelere beslendi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. 2026-njy ýylyň ýazky at çapyşyk möwsüminiň ilkinji çapyşygynda janköýerler gyzykly çapyşyklaryň 10-syna tomaşa etdiler. Çapyşyklar 1200 metrden 1800 metre çenli dürli aralykda geçirild...

DOWAMY
pic
24 Mar

Aşgabatda “Turkmentravel — 2026” halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Turkmentravel — 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisini we maslahaty geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, sergini şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem forumyň çäklerinde Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy tarapy...

DOWAMY
pic
24 Mar

Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başladylar

Şu gün Türkmenistanyň ýygyndy topary Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde geçirilýän 16 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça saýlama tapgyrynyň deslapky tapgyryna Omanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňmek bilen başlady. Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) bilen bilelikde guramagynda geçirilýän «DCJ Asia/Oceania Pre-Qualifying» ýaryşyna jemi 15 topar gatnaşýar. Gatnaşyjylar 4 toparça bölündi...

DOWAMY
pic
21 Mar

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan guralan medeniýetleriň şygryýet dialogy

Her ýyl 21-nji martda bellenilýän Bütindünýä şygryýet gününi bellemek üçin, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy türkmen diasporasynyň wekilleriniň we Ilçihananyň diplomatlarynyň gatnaşmagynda “Şygryýet sözleri bilen Medeniýetleriň Dialogy” atly şygryýet marafonyny geçirdi. Bu taslamanyň maksady baý şygryýet mirasy giňden ýaýmak we edebi däpleriň dialogy arkaly ýurtlaryň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekdir. Marafonda Türkmenistanyň we Ukrainanyň ajaýyp nusgawy şahyrlar...

DOWAMY