TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol bu toparyň nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň wise-prezidentini myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, Ykdysady hyzma...
TÜRKMENISTANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI GYRGYZSTANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Bişkek şäherinde Prezidentiň “Ala-Arça” kabulhanasynda Ilçi N.Gölliýewiň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň barşynda Ilçi Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli s...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-AWSTRIÝA JEMGYÝETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmen-Awstriýa hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy barada gyzykly pikir alyşma geçirildi. Şol bir wagtyň özünde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli özara gatnaşyklar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hasam giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan Aws...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “TÜRKMENISTAN — ABŞ” IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda 10-njy bilelikdäki işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegini...
TÜRKMENISTANDA BENIN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Benin Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akambi Andre Okunlola-Biauwdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Doly ygtyýarly wekil mä...
В АШХАБАДЕ СОСТОЯЛСЯ ТУРКМЕНО-АМЕРИКАНСКИЙ БИЗНЕС-ФОРУМ
On December 5, 2023, the 10th Turkmen-American business forum was held in Ashgabat, which was attended by leaders and representatives of relevant government and business structures of Turkmenistan and the United States of America. The forum demonstrated the focus of Turkmenistan and the United States of America on the further progressive development of mutually beneficial cooperation that meets common interests. The US delegation, headed by Executive Director of the Turkmenistan-US Busines...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen, Aşgabada sapar bilen gelen, Halkara Zähmet Guramasynyň Dolandyryş we üç taraplaýynlyk departamentiniň direktorynyň orunbasary Kamran Fannizadeniň ýolbaşçylygyndaky HZG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar “Ýol kartada” görkezilen meseleleriň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar we 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň...