Tapylan netije sany: 8961
Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 6-njy iýulynda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda abraýly halkara guramasynyň ýolbaş...
Kiýewde medeni işgärleriň we türkmen ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Pyragynyň poeziýasy bilen dünýä göz aýla” atly geçirilen onlaýn şygyr okaýyş marafony barada
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň goldawy bilen Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasy tarapyndan “Pyragynyň poeziýasy bilen dünýä göz aýla” atly onlaýn şygyr okaýyş marafony geçirildi. Akyldar Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okamak boýunça marafon 27.06.2024 senede Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriň, hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güninde başlanyp, 8-nji iýula çenli dowam etdi.
Garaşsyzlyk üçin göreşen beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gü...
«MAGTYMGULY PYRAGY» MEDENI-SEÝILGÄH TOPLUMYNDAKY GÖRNÜKLI ŞAHSYÝETLERIŇ HEÝKELLERI: GRIGORIÝ SKOWORODA
Türkmen edebiýatynyň görnükli akyldarynyň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda açylyp ulanylmaga berlen, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň köp gelim-gidimli ýerine öwrülen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde dürli ýurtlaryň hem-de döwürleriň görnükli şahslarynyň heýkelleri ýerleşdirilen. Bu ýerde, halklaryň dostlugyny we adamzadyň medeni mirasynyň bütewiligini alamatlandyrýan meşhur ukrain filosofy-magaryfçysy Grigoriý Skoworodanyň heýkeli hem oturdylan.
G...
TÜRKMENISTANDA GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2024-nji ýylyň 17-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ýurduň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk ýurduň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Şun...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝUNISEF-NIŇ ÝURDUMYZDAKY TÄZE WEKILINI KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 17-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
ÝUNISEF-niň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda ençeme bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamal...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE SINGAPURYŇ DIM-NIŇ ÝAKYN GÜNDOGAR, DEMIRGAZYK AFRIKA WE MERKEZI AZIÝA DIREKTORATYNYŇ BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Singapuryň DIM-niň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa Direktoratynyň Baş direktory Samuel Tanyň arasynda duşuşyk geçirildi
Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaý we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de sebitleýin we halkara...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARYNYŇ SLOWAKIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARY HAKYNDA
2024-nji ýylyň 16-17-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy geňeşmeleri we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin Slowakiýa Respublikasyna bardy. Saparyň esasy maksady ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar.
Saparyň çäklerinde A.Gurbanowyň Slowakiýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Marek Eştok, Slowa...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «TÜRKMENISTAN – BMG» STRATEGIK MASLAHAT BERIŞ GEŇEŞINIŇ IKINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň gün tertibine BMG-niň Baş Sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijelerine garamak, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025-nji ýyl» atly kararnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak ýa...
KHBS ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Trampyň janyna howp salynmagy bilen baglanyşykly habary Türkmenistanda uly howatyrlanma bilen kabul edilendigi barada habar berýär.
Türkmen tarapy güýç ulanmak boýunça bu hereketi aýgytly ýazgarýar we Donald Trampa tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýär.
Türkmenistan terrorçylygyň ähli görnüşleriniň ýüze çykmasyna we jemgyýetde dartgynlygy döredýän syýasy süteme garşy göreşmek boýunça halkara tagallalarynyň işjeň gatnaşyj...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝYLYŇ BIRINJI ÝARYMYNDA ALNYP BARYLAN IŞLERIŇ NETIJELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarymynda döwletimiziň daşary syýasy işiniň jemlerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.
Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarlarynyň we Türkmenistanyň DIM-niň birnäçe departamentleriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem, mejlisiň gün tertibine ýylyň ikinji ýarymynda ýerine ýetirmeli wez...