Tapylan netije sany: 8961
MEJLISIŇ BAŞLYGY KAMBOJA PATYŞALYGYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞDY
2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Sok Çeadan ynanç hatyny kabul etdi.
Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan jenap Sok Çeany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Kambojanyň Ilçisi ýokary ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «DRAGON OIL» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi.
Saýed Al Taýer wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň...
MAWRIKIÝ RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Heswar Janke bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary...
SOMALI FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Fathudin Ali Mohamed bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
M.Başimowa diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlik arzuw etdi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de halkara guramalaryň, husu...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BARADA
2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ö...
MEJLISIŇ BAŞLYGYNYŇ SOMALI FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY BARADA
2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Fathudin Ali Mohamed bilen duşuşygy geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatyny türkmen tarapyna gowşurdy.
Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady.
Ilçi Fathudin Ali Mohamed Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Somaliniň ýokary derejeli ýolbaşç...
MEJLISIŇ BAŞLYGY MAWRIKIÝ RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISINI KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Heswar Jankeden ynanç hatyny kabul etdi.
Mejlisiň Başlygy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen-mawrikiý gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi Heswar Janke türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Mawrikiý Respublikasynyň Prezidenti Pri...
TÜRKMENISTAN BILEN TÜRKSOÝ-YŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi we gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary kesgitlenildi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýyl türki dilli dünýäde Türkmen...
TÜRKMENISTAN «RÖNESANS HOLDING» TÜRK KOMPANIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGY DOWAM ETDIRÝÄR
2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşygy geçirildi.
Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň «Rönesans Holdinge» ynanylmagynyň bu kompaniýa üçin uly mertebedigini belledi.
Bu toplumyň açylyş...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI «ÇALYK HOLDING» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY
2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, işewür türkmen halkynyň Milli Liderini Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany...