Tapylan netije sany: 8960
UKRAINADAKY TÜRKMEN ÝAŞLARY BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNÜNI BELLEDILER
Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän sport we saglyk çäresine gatnaşdylar.
Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we medeni-köpçülikleýin çäreleriň dowam edýän günlerinde, Ukrainadaky türkmen ýaşlary sport hereketine işjeň we höwes bilen gatnaşyp, yzygiderli bedenterbiýe hereketleriniň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhümdigini görkezdiler.
Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenista...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI GIŇDEN BELLENILDI
Türkmenistanda dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Esasy baýramçylyk dabaralary we köpçülikleýin welosipedli ýöriş Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.
Aşgabatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga alyp, şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Arkadag şäherinde, ýurduň ähli welaýa...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GÜNORTA GAZ GEÇELGESINIŇ MASLAHAT BERIŞ GEŇEŞINIŇ ÇÄGINDÄKI 11-NJI MINISTRLER MEJLISINE GATNAŞDY
2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Baku şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki 11-nji ministrler mejlisine gatnaşdy.
Çykyş edenler Günorta gaz geçelgesiniň häzirki ählumumy geosyýasy şertlerinde Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler.
Mundan başga-da, «Trans Adriatik» turbageçirijisi arkaly gaz üpjünçiliginiň mukdaryny artdyrmak, şeýle hem Ýewropa käbir ýurtlaryna – Günorta-Gündogar we Merkez...
«ITALIÝADA ÖNDÜRILEN» ATLY TÜRKMEN-ITALÝAN BILELIKDÄKI MODA GÖRKEZILIŞI GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda italýan dizaýnerleri Gloriýa Trewizianiniň hem-de Klaudia Bellininiň, şeýle hem akademiýanyň talyby Jennet Agaýewanyň lybaslar toplumynyň moda görkezilişi geçirildi.
Gloriýa Trewiziani we Klaudia Bellini öz lybaslar toplumyny türkmen milli lybaslary bilen utgaşdyrypdyrlar, türkmen milli şaý-sepleri we keşdeleri ulanypdyrlar.
Çäräniň açylyş dabarasynda Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferra...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ŽENEWADA SPECA-NYŇ MINISTRLER DUŞUŞYGYNA WE UNECE-IŇ 71-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynda (SPECA) Türkmenistanyň başlyklygynyň çäginde 8-nji aprelde Ženewadaky Milletler Köşgünde SPECA agza ýurtlaryň ministrler duşuşygy geçirildi.
Çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan we ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Alişahbana (onlaýn görnüşde) ýaly BMG-niň ýokary...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OSAKADAKY BÜTINDÜNÝÄ SERGISINDE ÝURDUŇ MILLI PAWILÝONYNY AÇDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy. Döwlet Baştutany 14-nji aprelde, serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününde ýurduň milli pawilýonyny resmi taýdan açdy.
Bu ýerde eden çykyşynda: "Häzirki Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu sergi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatç...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ IMPERATORY BILEN DUŞUŞDY
Ýaponiýada saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen hem duşuşdy.
Habarda bellenilişi ýaly, ýapon Imperatorynyň köşgünde geçirilen duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze tapgyryna çykandygyny aýdyp, iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini belledi.
Ýaponiýa öňdebaryjy te...
AŞGABATDA GEÇIRILEN SEBITARA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HALKARA MASLAHATYŇ JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE NEŞIR EDILDI
19-njy martda Aşgabatda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde neşir edilip, ýaýradyldy. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.
Resminama https://docs.un.org/A/79/828 salgy boýunça BMG-niň ähli alty sany resmi dilinde elýeterl...
TÜRKMENISTAN WE ÝAPONIÝA YLALAŞYKLARYŇ ULY TOPLUMYNA GOL ÇEKDILER
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparynyň ikinji güni ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň giň toplumyna gol çekilmegi bilen tapawutlandy. Resminamalar – senagat we energetika pudagyndan başlap, bilim, ekologiýa we suw hojalygyna çenli köp ugurlary öz içine alýar, bu bolsa türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüşine ulgamlaýyn çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär.
Gol çekilen resminamalaryň has ähmiýetlisi, iri senagat taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin öňdebaryjy ý...
ÝADYGÄRLIKLERIŇ WE TARYHY ÝERLERIŇ HALKARA GÜNI HEM-DE KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULYNYŇ ADYNY GÖTERÝÄN KITAPHANANYŇ MUZEÝINIŇ 50 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ TARYHY WE MEDENI MIRASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasy bilen bilelikde Ýadygärlikleriň we taryhy ýerleriň halkara güni we Magtymguly kitaphanasynyň muzeýiniň döredilmeginiň 50 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli medeni we aň-bilim çäresini geçirdi.
Bu çärä Kiýew şäherindäki 281-nji mekdebiniň mugallymlary we 10-njy synp okuwçylary, Kitaphananyň işgärl...