Tapylan netije sany: 8960
Türkmenistanda dalaşgärler üçin maglumatlar saýty we ykjam goşundy işi girizildi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi dalasgar.bilim.tm atly habarlar platformasyny işe girizdi. Onuň kömegi bilen dalaşgärler göni wagtyň özünde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylyň kabul ediş möwsüminiň barşyny synlap bilýärler.
Sanly ulgam her gün täzelenýär hem-de ulanyjylara her ýokary okuw mekdebinde her hünär boýunça tabşyrylan resminamalaryň möçberi barada anyk maglumatlary berýär. Maglumatlar, umuman, Türkmenistan boýunça bolşy ýaly, Aşgabat, Arkadag şäherleri...
Aşgabatda SPECA-nyň ykdysady forumy we dolandyryjy geňeşi geçiriler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Aşgabatda noýabr-dekabr aýlarynda SPECA-nyň ykdysady forumynyň, Dolandyryjy geňeşiniň 20-nji mejlisiniň we iş toparlarynyň duşuşyklarynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi baradaky hasabat berdi.
Bu çäreleriň 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) b...
Türkmenistanyň “EKSPO-2025” sergisindäki pawilýonyna bir milliondan gowrak myhman gezelenç etdi
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyna bir milliondan gowrak adam baryp gördi.
Pawilýonyň üç gatly binasy mowzuklaýyn ýörelge boýunça gurlup, her bir gat Türkmenistanyň belli bir aýratynlygyny, tebigatyndan we taryhyndan başlap häzirki döwürde gazanan üstünliklerini hem-de medeni däplerini açyp görkezýär.
Guramaçylar pawilýonyň ýokary myhman kabul ediş derejesiniň ähmiýetini hem-de halklaryň özara düşünişmäge we tejribe alyşma...
Türkmenistanyň Prezidenti LLDC3 maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 30-njy iýulynda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutany BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu halkara çäre awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara forumyň geçiriljek ýerinde...
TÜRKMENISTANYŇ KURAŞ BOÝUNÇA MILLI ÝYGYNDYSY AZIÝA ÇEMPIONATYNDA 16 MEDAL GAZANDY
Kuraş boýunça türkmen pälwanlary Günorta Koreýanyň Geosan şäherinde geçirilýän kuraş boýunça 14-nji Aziýa çempionatynda ýokary hünär derejesini görkezdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy jemi 16 sany dürli medallary gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda mynasyp ýeri eýeledi.
Türkmen wekiliýetiniň altyn medal gazanmagy bu ýaryşda iň uly buýsanç döredýän iň ýokary üstünligi boldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň pälwanlary 6 kümüş we 9 bürünç medal gazandylar, bu bolsa milli toparyň taýýarlygynyň dur...
AWAZADA DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK DÖWLETLERIŇ PARLAMENT FORUMY GEÇIRILDI
?Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda ösüp gelýän, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça BMG-niň Üçünji Maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde duşenbe güni Parlament forumy geçirildi. Bu çäre döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleriniň hem-de parlament agzalarynyň arasynda netijeli gepleşikler üçin möhüm meýdança boldy.
Forumyň dowamynda gatnaşyjylar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň parlamentleriniň täze Hereketleriň Maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orna eýedigini nygtadylar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ANTONIU GUTERRIŞ BILEN AWAZADA DUŞUŞYK GEÇIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Duşuşyk BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany 2024-nji ýylyň dekabrynda tassyklanan Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin Täze Hereketler Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine häzirki forumyň täzeden itergi berj...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 79-NJY SESSIÝASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
4-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýangyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG bilen özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmeg...
AWAZADA DÇBÖBD-NIŇ ÝAŞLAR JARNAMASY KABUL EDILDI
?Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Ýaşlar forumynyň barşynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly Ýaşlar jarnamasy tanyşdyryldy hem-de makullanyldy.
Bellenilişi ýaly, kabul edilmegi meýilleşdirilýän bu resminama BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwl...
BOLGARIÝADA GEÇIRILEN IMC — 2025-DE TÜRKMENISTANLY TALYPLAR DÜRLI DEREJELI MEDALLARA EÝE BOLDULAR
27-nji iýuldan 3-nji awgust aralygynda Bolgariýanyň Blagoewgrad şäherinde geçirilen 32-nji halkara matematika bäsleşiginde (IMC — 2025) türkmen talyplary üstünlikli çykyş etdiler.
Abraýly bäsleşigiň netijelerine görä, türkmenistanly talyplar 2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.
Altyn medallara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Medina Ödäýewa we Nurmyrat Ataýew mynasyp boldy. Şol uniwersitetiň talyby Kerim Toýlyýew kümüş medal aldy. Magtymguly adyndaky...