Tapylan netije sany: 8960
TÜRKMENISTAN 2026-NJY ÝYLDA HAZAR EKOLOGIÝA FORUMYNY GEÇIRMEGI TEKLIP ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda çykyş edip, 2026-njy ýylda sebitiň ekologiýa we klimat meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etjek Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi teklip etdi.
Döwlet Baştutany çykyşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda teklip eden Hazar ekologiýa başlangyjynyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigini we bu ugurda ähli çäreleriň BMG-ni...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ SIWILIZASIÝALARYŇ BILELEŞIGI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY MASLAHATLAŞDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar medeniýetler we dinler arasyndaky dialogy ösdürmegiň, halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.
Türkmenistan BMG...
TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYKLY ÝAŞAÝYŞ BOÝUNÇA MERKEZI AZIÝA FORUMYNY GEÇIRMEGI TEKLIP ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” atly halkara forumy geçirmegi hem-de Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyny teklip etdi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, parahatçylygyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy medeni-ruhy baglanşygyň saklanylmagy we häzirki döwrüň medeni ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. T...
OGT 2025 TÜRKMEN TELEKEÇILERI ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLERI AÇAR
22–24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025” (OGT 2025) atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Bu ýylky forum ilkinji gezek 30 sany halkara kompaniýadan 100-den gowrak wekili bir ýere jemläp, türkmen bazarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we täze işewür mümkinçilikleri döretmek üçin möhüm meýdança bolar.
Işewür gatnaşyklaryň ähmiýetini nazara alyp, guramaçylar sergi meýdançasynyň çaginde ýörite B2B zolagyny gurnadylar we emeli aň esasynda işleýän “Busin...
27-NJI SENTÝABRDA TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYK GÜNÜNI BELLEÝÄR
Taryhy geçmişi müňýyllyklara uzaýan türkmen halky Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyny belleýär.
Ýurdumyzyň garaşsyzlygy ähli ugurlarda üstünlikli döwlet gurmak we halky üçin has gowy geljegi döretmek üçin esasdyr we berk binýatdyr.
Türkmenistan syýasy, ykdysady, peýdaly baýlyklary we adam mümkinçiliklerini netijeli peýdalanyp, jemgyýetçilik-ykdysady ösüş maksatlaryna ýetmek üçin yzygiderli öňe gitmegini dowam etdirýär.
Ýurdumyz halkara platformalarynda, esasanam Birleşen M...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISI UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞDY
29.09.2025 senede Ukrainanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi jenap Toýly Ataýew Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Aleksandr Mişşenko bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlyga, şeýle hem iki ýurduň halkara guramalarynyň çäklerinde mundan beýläkki gatnaşyklaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, syýasy geňeşmeler baradaky teklipleri ara alyp...
BARSELONA. ÝUNESKO. MEDENIÝET. TÜRKMENISTAN ÄHLUMUMY GÜN TERTIBINI TAÝÝARLAMAGA GATNAŞÝAR
Türkmenistan 29-njy sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda Barselona şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna (MONDIACULT-2025) işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet BMG-niň Durnukly ösüş pudagyndaky 2030-nji çenli döwür üçin gün tertibinde medeniýeti birleşdirmäge gönükdirilen ählumumy dialogynyň merkezinde durýar.
MONDIACULT-2025 – bu geljekki onýyllyklarda medeni...
OGUZ HAN ADYNDAKY «TÜRKMENFILM» BIRLEŞIGINIŇ WEKILIÝETI «GORKUT ATA» HALKARA KINOFESTIWALYNA GATNAŞÝAR
1-nji oktýabrda Gazagystanyň Mangistau welaýatynda «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Azerbaýjandan, Türkiýeden, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Wengriýadan hem-de Gazagystandan gelen kino sungatynyň wekilleri we medeniýet işgärleri gyzyl halydan geçdiler.
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýetine öňdebaryjy kino hünärmenleri – režissýorlar, aktýorlar, filmleriň edebi esasyny ýazyjylar we operatorlar girýär. Festiwalyň çäklerinde t...
TÜRKMENISTAN BILEN AÖB BILELIKDÄKI TASLAMALARY DURMUŞA GEÇIRMEGI MASLAHATLAŞDY
2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýakyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň AÖB bilen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we bank ulgamynyň wekilleri bilen AÖB-nyň ýolbaşçylarynyň we degişli düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti...
TÜRKMENISTAN BILEN MOLDOWANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNA 33 ÝYL
1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy.
Üç onýyllygyň dowamynda bu dostlukly ýurtlar iri halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň öňdebaryjy guramalary bilen netijeli, ygtybarly we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Moldowa Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna möhüm goldaw berýär we biziň ýurdumyz Moldowanyň dünýäniň we sebitiň ösüşiniň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen daşary syýasat başlan...