img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Iýul

“GÖROGLY” EPOSY BARADA UKRAIN YLMY IŞGÄRINIŇ MAKALASY «MIRAS» ŽURNALYNYŇ SAHYPALARYNDA

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sanynda Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwrenmek boýunça ylmy-barlag institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Nikolaý Waskiwiň “Görogly” - türkmen halkynyň gahrymançylykly eposy: etniki we umumadamzat gymmatlyklarynyň sintezi” atly makalasy ýerle...

DOWAMY
pic
30 Iýul

DÖWLETJAN ÝAGŞYMYRADOW BMG-NIŇ DOSTLUK OÝUNLARYNYŇ HOŞNIÝETLI ILÇISI BOLDY

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça meşhur türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi diýlip yglan edilip, oňa BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew tarapyndan degişli şahadatnama gowşuryldy. Bu barada THP habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, Döwletjan Ýagşymyradowyň bu wezipä bellenilmegi BMG-niň howandarlygynda sportuň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda hem-de parahatçylyk we dostluk gymma...

DOWAMY
pic
29 Iýul

ÝAGŞYMYRADOW BILEN PAUELLIŇ PFL ÝARYŞYNDAKY SÖWEŞI 7-NJI AWGUSTA GEÇIRILDI

Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow bilen Beýik Britaniýanyň wekili Simeon Pauelliň PFL New York ýaryşynyň çäklerinde meýilleşdirilen söweşi 31-nji iýuldan 7-nji awgusta geçirildi. Duşuşyk ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Long-Aýlend sebitinde ýerleşýän «UBS Arena» sport toplumynda geçirilmelidi. PFL guramasynyň ýarym agyr agram derejesindäki reýtinginde Döwletjan Ýagşymyradow ikinji, Simeon Pauell bolsa bäşinji orny eýeleýär. Döwletjan Ýagşymyradow...

DOWAMY
pic
29 Iýul

TÜRKMENISTAN WE ÝTÖB ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK HAKYNDA BÄŞ ÄHTNAMA GOL ÇEKDILER

Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bank ulgamy, durnukly energetika, daşky gurşawy goramak, suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmak we ulag geçelgelerini ösdürmek ugurlary boýunça özara düşünişmek hakynda bäş sany Ähtnama gol çekdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 28-nji iýulda geçirilen duşuşygyň netijileri boýunça degişli resminamalara gol çekildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝTÖB-niň Prezidenti Odil Reno-Bassonyň gatnaşmagynda...

DOWAMY
pic
27 Iýul

AŞGABATDA GEÇIRILJEK TÜRKMENISTANYŇ MAÝA GOÝUM FORUMYNA ÝOKARY DEREJEDE TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

Şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda bu forumy şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirmeklik meýilleşdirilýär. Maýa goýum forumynda we ugurdaş çärelerde Türkmenistanyň ykdysady ösüşi...

DOWAMY
pic
27 Iýul

BMG TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN HALKARA HUKUGYNYŇ ÝYLYNY YGLAN ETDI

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen "Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl" atly Kararnamany biragyzdan kabul edip, 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Kararnama 24-nji iýulda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde kabul edildi. Resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwlet çykyş etdi. Kararnamanyň taslamasyny hödürl...

DOWAMY
pic
27 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ GÜNBATARYNDA ARHEOLOGLAR GADYMY OGUZ TOPLUMYNY ÝÜZE ÇYKARDYLAR

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde irki orta asyrlara degişli täze taryhy ýadygärlik ýüze çykaryldy. Gözli Ata kümmetiniň golaýynda ýerleşýän bu ýadygärlik gadymy oguz toplumynyň bir bölegi hökmünde kesgitlenildi - diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär. Toplumyň merkezinde adam kellesiniň şekiliniň çyzgysy şekillendirilen barelyefli basgançak görnüşindäki mazar daşy ýerleşýär. Onuň uzynlygy 129 santimetr, ini 27 santimetr, b...

DOWAMY