SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasy diplomatik gatnaşyklaryň 34 ýyllygyny belleýärler
5-nji oktýabrda Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygy bellenilýär. Üç onýyllykdan gowrak wagtyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak we konstruktiw hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli möhüm ösüş ýoluny geçdi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasy durnukly syýasy dialogy alyp barýarlar, halkara giňişliginde özara gatnaşyk edýärler hem-de söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we...
Aziada – 2026 oýunlarynyň jemleri: Türkmenistanyň ýygyndy topary çykyşlaryny iki sany kümüş medal bilen tamamlady
Ýaponianyň Nagoýa şäherinde XX tomusky Aziýa oýunlary tamamlandy. Bu oýunlarda Türkmenistanyň ýygyndy topary iki sany kümüş medal gazanyp, umumy medallar hasabynda 31-nji orny eýeledi. Ýatladyp geçsek, karateçi Dawut Nazmyradow 75 kg çenli agram derejesinde finalda eýranly Morteza Nematä ýeňilip (3:4), kümüş medala eýe boldy. Agyr atletikaçy Şahzadbek Matýakubow bolsa 110 kg çenli agramda iki görnüşiň jemlemesi boýunça 410 kg (siltäp götermekde 188 kg we itekläp götermekde 222 kg) netije görk...
Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Hazar deňziniň üsti bilen täze ulag geçelgesini döretmegi teklip etdi
Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Günorta we Merkezi Aziýany Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bilen birleşdirýän sebitara ulag geçelgesini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Nýu-Ýorkdaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň umumy çekişmelerinde eden çykyşynda mälim etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň çäginde BMG-niň howandarlygynda Durnukly söwda logistika we gümrük hyzmatdaşlygy bo...
Türkmenistan BMG-a EA-ny parahatçylykly ulanmak boýunça kodeksi taýýarlamagy teklip etdi
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) howandarlygynda halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksini işläp düzmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýewiň Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň umumy syýasy pikir alyşmalarynda eden çykyşyna salgylanyp, BMG habar berýär. Wepa Hajyýewiň sözlerine görä, emeli aň giň mümkinçilikleri açyp, şol bir wagtyň özünde halkara derejesinde jogapkär...
Türkmenistanyň maýa goýum forumy Aşgabatda öz işine başlady
Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) 1-nji oktýabrda Aşgabatdaky "Ýyldyz" myhmanhanasynda öz işine başlady. Iki gün dowam etjek forum 40-dan gowrak ýurtdan 200-den gowrak iri daşary ýurt kompaniýasynyň, halkara maliýe institutlarynyň we döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemleýär. Foruma “Mitsubishi Corporation”, “Mitsubishi Heavy Industries”, “ITOCHU”, “Sumitomo Corporation”, “Kawasaki Heavy Industries”, “Samsung C&T”, “Daewoo Engineering”, “John Deere”, “CLAAS”, “Siemens Energy...
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze Ahalteke atçylyk toplumy açyldy
2026-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda Köpetdagyň eteginde Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk täze Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylyş çäresi geçirildi. Bu çäre ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlandy. Baýramçylyk çäresine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde sungat ussatlarynyň çykyşlary, dünýä meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň g...
SERDAR BERDIMUHAMEDOWA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 35 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÝUBILEÝ MEDALY GOWŞURYLDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň bu baradaky karary halk wekillerinden, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we ýurduň raýatlaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda kabul edildi. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedowa ýubileý medaly Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap sa...