Türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi

Şu gün «Oguzhan» köşkler toplumynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky jarnama gol çekdiler.

Mundan başga-da, iki ýurduň hökümetleri, ministrlikleri we pudak edaralary derejesinde köptaraplaýyn Türkmenistan-Özbegistan hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaragol çekildi. Olar, hususan-da, şulardan ybarat:

— 2022 – 2024-nji ýyllar üçin syýasy gepleşikleri, parlamentara, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda medeni-ynsanperwer alyş-çalşy işjeňleşdirmek boýunça amaly hereket Meýilnamasy;

— Ikitaraplaýyn daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky Şertnama;

— Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň çägindäki söwda öýleriniň işini kadalaşdyrmak baradaky Şertnama;

— Ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk barada Şertnama;

— Oba hojalygynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin amaly çäreleriň Meýilnamasy;

— Dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny hasaba almak barada Şertnama.

Elektrik energiýasy, gümrük işi, weterinariýa we maldarçylyk, kinematografiýa we beýleki ugurlar boýunça hem ylalaşyklar gazanyldy.