Astanada "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" Sammiti geçirildi

2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" liderleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldymyradow weÝewropa Geňeşiniň Prezidenti Şarl Mişel gatnaşdylar.

Sammite gatnaşyjylar EB-gi bilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.

Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň maslahat beriş mejlisleriniň bilelikdäki beýannamalarynda nygtalýan sebitleýin hyzmatdaşlygy we arabaglanyşygy güýçlendirmek ugrundaky tagallalary üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna hoşallygyny bildirdi.

Ýokary derejeli duşuşygyň netijesinde Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Oňa laýyklykda taraplar parahatçylyk, howpsuzlyk, demokratiýa we kanunyň hökmürowanlygy ugrunda umumy işe ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Gatnaşyjylar hereket edýän ýokary derejeli platformalarda Merkezi Aziýa bilen EB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň mähümdigini belläp geçdiler. Şeýle hem, sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge jemgyýetiň işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetini bellediler.

Taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlyga we serhetaşa hyzmatdaşlygy gurmaga gyzyklanmalaryny bellediler, şeýle hem "EB - Merkezi Aziýa" ykdysady forumynyň täze platformasyny tassykladylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmäge ygrarlydyklaryny mälim etdiler we EB-niň bu ugurdaky oňyn tejribesini göz öňünde tutdular.

Gatnaşanlar Pariž borçnamalaryna laýyklykda "ýaşyl ösüş", daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi babatynda bilelikdäki çäreleri güýçlendirmek isleýändiklerini aýtdylar.