TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE UNFPA-NYŇ ÝURT BOÝUNÇA DIREKTORY BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji 15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) ýurt boýunça direktory Olaf Ronni Lindstrom bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar UNFPA-nyň Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen gol çeken ýyllyk meýilnamalarynyň çäklerinde alyp barýan üstünlikli işleri barada aýtdylar. Bu hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň biri hökmünde UNFPA tarapyndan Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komitetine 2022-nji ýylda ýurduň ilat we ýaşaýyş gaznasynyň ýazuwyny geçirmek we oňa taýýarlyk görmek işlerinde tehniki ýardam berendigini bellendi.

Gepleşikleriň barşynda reproduktiw saglyk, gender deňligi we zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ugurundaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda M.Bäşimowa türkmen tarapynyň UNFPA-nyň “Türkmenistanda maşgalada zenanlaryň saglygy we ýagdaýy” milli barlaglarynyň netijeleri boýunça Hasabaty taýýarlamaga ýardam bermek işine ýokary baha berýändigini belledi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen UNFPA-nyň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlar syýasaty ugrundaky hyzmatdaşlygyň bolup durýandygy bellenildi.