TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde şu gezekki sammitiň ähmiýetini bellediler hem-de sebit derejesindäki wajyp meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Özbegistanyň TDG-niň Başlygy hökmünde işlerine ýokary baha berip, türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki Sammitiň sebitiň gün tertibiniň möhüm meseleleri hem-de häzirki zamanyň täze döreýän wehimleri bilen bagly degişli çäreleri işläp düzmek boýunça pikir alyşmak üçin wajyp platforma bolup durýandygyny bellediler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň gatnaşyklary ählumumy, sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da doly gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar.
Ýokary derejeli saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi, Hökümetara türkmen-özbek toparynyň netijeli işi, ýangyç-energetika, ulag-logistika we oba hojalygy ulgamlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmegi, şeýle hem ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn depgini barada nygtaldy.