Türkmenistanyň ilçihanasy bilen Ukrainanyň Döwlet Migrassiýa gullugynyň wekilleriniň arasyndaky geçen duşuşyk barada

30.03.2023ý. Ukrainanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň merkezi edarasynda onuň wekilleri bilen Türkmenistanyň Ilçihanasynyň diplomatlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Ilçihanasynyň başlangyjy bilen geçirilip, Türkmenistanyň raýatlarynyň Ukrainada galmagy bilen baglanyşykly meseleleri maslahatlaşyldy.
Hususan-da, taraplar Ukrainanyň uniwersitetleriniň talyplary we uçurymlary bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň rugsatnamasyny resmileşdirmegiň mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçihana Türkmenistanyň raýatlarynyň kanuny hukuklarynyň we dogduk ýurdunyň daşyndaky goraglaryny üpjün etmek maksady bilen, türkmen raýatlarynyň Ukrainada ýüzbe-ýüz bolýan birnäçe migrasiýa meselesi boýunça maslahatlaşdy.