EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY BAŞ KONSULY ÖZ WEZIPELERINI ÝERINE ÝETIRMÄGE GIRIŞDI
2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Baş konsuly (Mary ş.) Abdolmajid Kamju bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda EYR-nyň Baş konsuly Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasaryna öz Konsullyk patentini gowşurdy. Öz gezeginde, B.Mätiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Baş konsulyny täze işe girişmegi bilen gutlamak bilen, oňa konsullyk wezipelerini ýerine ýetirmäge rugsat berýän konsullyk ekzekwaturasyny gowşurdy.
Geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklary barada nygtap geçdiler. Söhbetdeşler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada gürrüň etdiler. Mary welaýatynyň we Horasan-e-Rezawi welaýatynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk, hususan-da, söwda-ykdysady ugur we konsullyk hyzmatlaryny bermek babatyndaky hyzmatdaşlyk barada bellenildi.
Söwda, ulag we energetika ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi hem-de iki ýurduň serhetýaka welaýatlarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde yzygiderli duşuşyklaryň gurnalmagy boýunça pikir alyşyldy.