DUŞENBE ŞÄHERINDE TÜRKMEN-TÄJIK IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparynyň öňüsyrasynda 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda Bilelikdäki türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýew we Täjigistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri U.Usmonzoda açdylar.
Foruma iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň 250-den gowrak wekili gatnaşdy.
Işewürler maslahatyna gatnaşyjylaryna ýüzlenip, iki ýurduň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilelikdäki tagallalaryň we yzygiderli ikitaraplaýyn saparlaryň netijesinde Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä ýetendigini nygtadylar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine, eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna we ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň güýçlenmegine goşant goşýar.
Forumyň myhmanlarynyň we oňa gatnaşyjylaryň öňünde “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi” we “Täjigistan Respublikasynyň maýa goýum mümkinçilikleri” atly çykyşlar bilen çykyş edildi. Şu nukdaýnazardan, maslahata gatnaşyjylar senagat, energetika, hyzmatlar, oba hojalygy, logistika, ulag we aragatnaşyk ýaly geljegi uly ugurlar babatynda iki döwletiň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.
Işewürler maslahatynyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň işewürler toparlarynyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi, şeýle hem resminamalara gol çekildi. Bu çäre türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň özara peýdaly we netijeli ugurlaryny ösdürmäge itergi berdi.
Şu ýylyň 9-njy maýynda Täjigistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň işewürlerinden düzülen wekiliýet Duşenbede ýerleşýän iri senagat zolaklaryna baryp görerler.