KIÝEW ŞÄHERINIŇ W.ÇERNOWOL ADYNDAKY 235-NJI ORTA MEKDEBINDE TÜRKMEN HALKYNYŇ AKYLDAR ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINE BAGYŞANYP GEÇIRILEN KONFERENSIÝA BARADA

10.05.2023ý. Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy tarapyndan Kiýew şäheriniň W.Çernowola adyndaky 235-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylaryň, mugallymlaryň, Kiýew şäherindäki Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän kitaphananyň wekilleriniň we Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý raýonynyň merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Türkmenistan – beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň watany” atly medeni-bilim çäre gurnaldy.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berildi. Türkmenistanyň baý medeniýeti bilen tanyşmak üçin halk, sungat we senetçilik sergisi hödürlendi. Serginiň açyk, reňkli we özboluşly eksponatlary gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.

Kitap sergisine türkmenleriň ylmy we çeper edebiýatynyň iň oňat mysallary, Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain diline terjime edilen “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, Garaşsyzlyk - bagtymyz”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaplary, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ukrain dilindäki goşgy ýygyndylary tanyşdyryldy.

Şeýle hem, çäräniň dowamynda okuwçylar bilen sorag-jogap ýaryşy geçirildi. Olar türkmen milli-egin eşiklerinde Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ukrain dilinde çeper ýerine ýetirdiler.

Çäräniň dowamynda milli tagamlar bilen bezelen günortanlyk nahary berildi.