TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy.
Saparyň ikinji güni Hökümet kabulhanasynyň “Mejlisler” zalynda Türkmenistanyň Baştutanynyň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşygy boldy.
Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, onuň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň abadançylygynyň bähbidine kybap gelýän özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini nygtady.
Türkmenistanyň Baştutany şu günki duşuşygyň netijeli we dostlukly döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegine öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti we dostlukly ýurduň Premýer-ministri Täjigistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degip geçmek bilen, aýratyn-da, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ähmiýet berdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ugurda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini esasy ugur edinýär.
Türkmenistanyň Prezidenti iki döwletiň çäginden geçýän hem-de Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar sebitlerini baglanyşdyrýan täze üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugurlary boýunça ulag gatnawlaryny döretmegiň geljekki ugurlary, Hytaýyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasynda Pars aýlagynyň we Hazar deňziniň portlaryna çykalgasy bolan multimodal ýük daşamalaryny guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, iki döwletiň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlaryny guramagyň möhümdigi bellenildi.
Ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, birek-birege ugradylýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmek we eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmak ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde kesgitlenildi. Bu işleri utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň paýtagtlarynda söwda öýlerini döretmek boýunça taslamany ýakyn wagtda amala aşyrmaga girişmegi teklip etdi.
Oba hojalygy we obasenagat toplumy, ilkinji nobatda, oba hojalyk önümlerini özara alyşmagy guramak boýunça bilelikde tagalla etmegiň wajypdygy bellenildi. Ykdysadyýetiň bu ugry boýunça iki ýurduň hem baý tejribesiniň bardygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistanyň Premýer-ministri degişli döwlet hem-de hususy düzümleriň bilelikde oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ýörite maksatnamasyny taýýarlamaklarynyň wajypdygyny tassykladylar.
Türkmenistanyň dostlukly ýurduň metallurgiýa toplumynyň, hususan-da, alýuminiý önümlerine uly gyzyklanma bildirýändigi aýratyn nygtaldy.
Türkmen wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Baştutany gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri iki dostlukly halkyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäheriniň etegindäki dag içinde ýerleşýän “Takob” kabulhanasynda duşuşyk geçirdiler.
Iki döwlet Baştutanlarynyň arasynda bolan söhbetdeşlikde milli mirasy gorap saklamagyň, ýurtlaryň taryhy we medeni ýadygärliklerini çuňňur öwrenmegiň hem-de goramagyň zerurdygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa täsin syýahatçylyk ugurlaryna eýe bolmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşly desgalaryny özünde jemleýär hem-de bu pudagy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.