Ukrainanyň Baltika-Gara deňiz ykdysady forumynyň başlygy bilen geçirilen duşuşyk barada

02.06.2023ý. Ilçihanada Ukrainanyň Baltika-Gara deňiz ykdysady forumynyň başlygy W.W.Makuha bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän Türkmenistanyň daşary ykdysady işjeňligini ösdürmek boýunça ileri tutulýan ugurlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen Baltika-Gara deňziniň ykdysady forumynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini, Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ýük dolanyşygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu nukdaýnazardan, ýük gatnawynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir etjek “Türkmenistan-Hazar deňzi-Azerbaýjan-Gruziýa-Ukraina” täze ulag geçelgesini döretmek meselelerine degilip geçildi.

Forumyň ýolbaşçysy W.Makuha Türkmen tarapynyň gyzyklanmasyna ýokary baha berip, Baltika we Gara deňizi bilen Hazar deňziniň üsti arkaly Aziýa döwletleriniň Ýewropa ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň tagallasynyň örän uludygyny belledi.