Ilçihanada Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen çäre barada

img
img
img
img
img
img
img
img

Her ýyl 27-nji iýunda Türkmenistanda goşa baýramçylyk - Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni baýram edip bellenilýär.

Halkymyz türkmen nusgawy poeziýasynyň, edebiýatynyň we edebi türkmen diliniň düýbüni tutujy, Magtymguly Pyragynyň şygryýetine, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň alyp barýan işlerine uly hormat goýýar. Şol sebäpli şu gün Ukrainanyň uniwersitetlerinde okaýan türkmen ýaşlary we Ukrainadaky türkmen kowmunyň wekilleri Türkmenistanyň görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Kiýewiň merkezinde ýerleşýän ýadygärligine gül goýmak üçin Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasyna ýygnandylar. Gül goýmak dabaradan soňra çäre Ilçihanada dowam edip, onda Magtymgulynyň goşgularyny çeper okadylar, onuň şygyrlaryna düzülen milli aýdymlary, türkmen tanslaryny ýerine ýetirdiler. Ilçihanada taýýarlanan Türkmen milli aşhanasynyň tagamlary hem hödürlendi.

Şu günki waka aýratyn ähmiýete eýedir, sebäbi indiki 2024-nji ýylda şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli uly dabaralaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, indiki 2024-nji ýyl Türkmenistanyň teklibi boýunça Türk medeniýetiniň halkara guramasy – TÜRKSOÝ – tarapyndan “Türk dünýäsiniň şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan edildi.