UKRAINANYŇ SÖWDA-SENAGAT PALATASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK BARADA

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Ukrainanyň Söwda-senagat palatasynyň Syýahatçylyk we myhmanhanalar ugury boýunça Komitetiniň başlygy, palatanyň “Ukraina bilen bilelikde” haýyr-sahabat gaznasynyň müdiri, palatanyň garamagyndaky halkara işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça merkeziniň müdiri Alla Şapowalowa we ukrain işewüri Igor Zagoroýko bilen duşuşyk geçirildi.

SSP-nyň wekilleri Türkmenistan bilen haryt dolanşygyny artdyrmaklyga gyzyklanmalaryň ulydygyny, häzirki wagtda ukrain önümlerini dünýa bazarlaryna çykarmaklyga aýratyn üns berilýändigini bellediler. A.Şapowalowa özüniň ýolbaşçylyk edýän syýahatçylyk ugurynda çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça Türkmenistandaky sagaldyş merkelerine sagaldyş syýahatlarynyň gurnalmagynda ýardam etmek mümkinçiligi meselesine ünsi çekdi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar, şeýle hem ýük potensialynyň durmuşa geçirilmegine we ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlanmagyna oňyn täsir etjek Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Ukraina portlarynyň arasynda ýük daşamagyň mümkinçilikleri barada gürleşdiler.