TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISINIŇ UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY BARADA

09.08.2023ý. Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi T.Ataýew Ukrainanyň Daşary işler ministriniň 1-nji orunbasary E.Japarowa bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

E.Japarowa Türkmenistandan Ukraina birnäçe gezek ugradylan ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyklaryny bildirdi.

Taraplar ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn söwda dolanşygynyň mukdaryny artdyrmak mümkinçiliginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, Türkmenistandan nebit önümlerini we mineral dökünleri Ukraina we ukrain kompaniýalarynyň önümlerini Türkmen bazaryna ibermek we söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak ugrundaky oňyn üýtgeşmeler bellenildi.

Bu nukdaýnazardan jenap T.Ataýew, Türkmenistanyň Hökümetiniň Ukrain kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işlerine ýokary baha berýändigini aýtdy we Ukrainanyň kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriniň iki taraplaýyn özara peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.