ÝEWGENIÝA ADAMOWA BILEN NURMUHAMMET ATAÝEWIŇ ÝUBILEÝ SERGILERI

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň doglan gününiň 110 ýyllygyna we görnükli türkmen heýkeltaraşy Nurmuhammet Ataýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy.

Ýewgeniýa Adamowany türkmen sungatynyň nusgawy suratkeşleriniň biri diýip atlandyryp bolar. Ol halkymyzyň milliligini kanwada ýerine ýetirendigi üçin özboluşly ukyba eýe boldy. Onuň suratlarynyň esasy gahrymanlary zenanlardyr. Olar sagymçylar, guş idedijiler, pagta ýygymçylar, lukmanlar.

Onuň  «Barybir okaryn» atly ilkinji eserleriniň biri nusgalyk esere öwrüldi. Bu surat muzeýde mydama sergide görkezilýär. Sergide zenan portretlerinden başga-da Adamowanyň Türkmenistanyň tanymal bagşy-sazandalarynyň surat eserleri we floristik eserleri-de görkezilýär.

Suratkeşiň çagalyk ýyllary Ukrainada geçdi we 1932-nji ýylda Ý.Adamowa maşgalasy bilen Aşgabat şäherine göçdi. Soňra Ý.Adamowanyň adamsy, ukrain-türkmen suratkeşi, mugallymy we dosty Iwan Çerinkonyň işleri onuň döredijilik işleriniň has hem kämilleşmeginde uly rol oýnady.

Sergi zalynyň merkezinde heýkeltaraşlyk sungatyny halaýanlar, Nurmuhammet Ataýewiň eserleri bilen tanyşýarlar. Şonuň bilen birlikde heýkeltaraşyň işlerinde dürli pudaklarda zähmet çekýän zenanlara hem uly orun berlipdir.