AŞGABAT ŞÄHERINDE UKRAIN KINOSYNYŇ HEPDELIGI GEÇIRILER

Aşgabat şäherinde 24-31-nji awgustda ukrain kinosynyň hepdeligi geçiriler. Onuň dowamynda tomaşaçylara ukrain halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrmak üçin dürli žanrlardaky dört film hödürlener. Ekranda Ukrainanyň dürli künjeklerinden “Toý mirasy” atly toý adatlary we däp-dessurlary barada dokumental film bilen açylar. Soňra “Fokster we Maks” atly maşgala filmi görkeziler. “Keramatly Nikolaýyň başdan geçirmeleri” atly filmde, ikinji synp okuwçysy Artýomyň we ýetginjek uýasynyň Keramatly Nikolaý gününiň öňüsyrasynda Karpat obasynda başdan geçirmeleri hakda wakalar beýan edilýär. Kino hepdeligi “Pekelna Horugwa, abo Rizdvo Kozatska” (“Adskaýa Horugv, ýa-da Kazakskoýe Roždestwo”) filminiň görkezilmegi bilen tamamlanar. Bu meşhur kazak söweşijileri we olaryň maşgalalary hakda gürrüň berýän çagalar we ýetginjekler üçin ertekidir.

Filmler iňlis subtitrleri bilen görkezilýär. Filmlere giriş mugt.