TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 32 ÝYLLYGYNA

Şu gün, 27-nji sentýabrda Türkmenistan Garaşsyzlyk gününi baýram edip belleýär.

32 ýyl mundan ozal gadymy türkmen halkynyň erk-islegi amala aşyrylyp, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi hem-de Türkmenistan garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi.

Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwer däplerini dikeltmäge mümkinçilik berdi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz içerki we daşary syýasatlaryny özbaşdak kesgitläp, halkara giňişliginde demokratik, hukuk, dünýewi we bitarap döwleti gurmak, ykdysadyyet, ylym, medeniýet ulgamlaryny ösdürmekde köp işler amala aşyryldy.

Ýurduň esasy baýramçylygy - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ähli watandaşlarymyzy gutlaýarys.