TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Pekinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen gepleşikleri geçirildi.

Duşuşykda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň ugurlarynda hyzmatdaşlygyň çalt depginde ösýändigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde, R.Meredow netijeli we hemmetaraplaýyn türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň esasy görkezijisiniň iň ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikler we duşuşyklar bolup durýandygyny we olaryň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara we sebit düzümlerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belledi.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň “Bir guşak, bir ýol” atly Üçünji ýokary derejeli foruma gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigi bellenildi.