TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASYNDA BEÝIK TÜRKMEN AKYLDARY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRELERE TAÝÝARLYK BARADA PIKIR ALYŞDY

2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrap administrasiýasynyň medeni bölüminiň başlygy Ý.B.Starodubowa we Magtymguly adyndaky kitaphananyň direktory Ý.M.Zubar bilen duşuşyk geçiridi.

Duşuşygyň maksady beýik türkmen akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglylykda meýilleşdirilýän çäreleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň hazynasyna iňňän uly goşant goşdy. Onuň eserleri dünýäniň dürli ýurtlarynyň okyjylary we alymlary tarapyndan düýpli öwrenilýär.

2024-nji ýyl Türk medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan “Türk dünýäsiniň şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan edildi we bu ýubileý çäre bilen Türkmenistanda we onuň çäginden daşarda birnäçe medeni çäreler geçiriler.

Duşuşygyň dowamynda 50 ýyldan gowrak wagt bäri Gündogaryň beýik akyldary Magtymgulynyň adyny göterýän Kiýew şäherindäki kitaphananyň direktory bilen ýaş okyjylaryň we okuwçylaryň, şahyrlaryň hem-de ýazyjylaryň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň meýilnamasy barada hem pikir alyşyldy.

Kitaphanada Magtymgulynyň muzeýi hereket edýär. Onuň eksponatlary diňe bir beýik şahyryň durmuşyny we döredijiligini açyp görkezmän, eýsem myhmanlary türkmeniň medeniýeti we taryhy bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem, duşuşykda Ilçihananyň kömegi bilen muzeýi täze eksponatlar bilen baýlaşdyrmagyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.