TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-AWSTRIÝA GATNAŞYKLARYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Awstriýanyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tomas Şuller-Gotsburg we Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-awtsriýa hyzmatdaşlygynyň derejesi barada içgin gyzyklanma eýe bolan pikir-alyşmalar gurnaldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň ýokary depginini belläp, iki döwletiň işewürler jemgyýetleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada maslahatlaşdylar.