ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADYÝET, SÖWDA WE SENAGAT MINISTRLIGINDE GEÇIRILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmany beýan etdiler. Şunda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtalyp, bu babatynda taraplaryň syýasy erkiniň hem-de giň ykdysady mümkinçilikleriniň barlygyna üns çekildi.
Duşuşykda himiýa zawodlarynyň, gaz turbinaly elektrik stansiýalaryň gurluşygy, şeýle-de tehnikanyň we awto ulaglaryň getirilmegi boýunça bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi barada nygtaldy. Ozal gazanylan üstünlikler bilen birlikde, taraplar energetika geçişi, ilkinji nobatda, wodorodyň önümçiligi we daşalmagy bilen bagly hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyna taýýardygyny bellediler.
Şeýle-de, “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde nobatdaky energetika ykdysadyýeti boýunça Ministrler maslahatynyň geçirilmegine, dekarbonizasiýa boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanylmagyna, bilelikdäki karz beriş guralynyň (Joint Crediting Mechanism - JCM),söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen elektron söwdasynyň ulgamynyň ornaşdyrylmagyna, wodorodyň önümçiligi we daşalmagy bilen bagly tehnologiýalar babatynda bilelikdäki işleriň alnyp barylmagyna degişli bolan meselelere üns çekildi. Bu başlangyçlar Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysadyýet, söwda, senagat, energetika we beýleki geljegi uly bolan ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar degişli ugurdaky taslamalary we başlangyçlary işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekdiler:
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda energetika geçişi amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
- Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň binýadynda onuň ikinji toplumynyň taslamasynyň we gurluşygynyň amala aşyrylmagy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- “Marykarbamid” zawodynyň taslama kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy we üpjün edilmegi boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy we üpjün edilmegi babatynda Çarçuwaly ylalaşyklar boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama.