BÜTINDÜNÝÄ ŞYGRYÝET GÜNI WE GÖRNÜKLI TÜRKMEN ŞAHYRY WE AKYLDARY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULY ADYNDAKY KITAPHANADA GEÇIRILEN LABYZLY WE ÇEPER OKALYŞ

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Her ýyl 21-nji martda bellenilýän Bütindünýä şygryýet güni hem-de görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ilçihanasy Kiýew şäherindäki Magtymgulynyň adyny göterýän kitaphana bilen bilelikde goşgylaryň labyzly we çeper okalyşy gurnaldy.

Bu döredijilik çäre “Şahyrana sözüň akymy” ady bilen gurnalyp, oňa türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri, Magtymguly adyndaky kitaphananyň we “Swiçado” merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý raýonynyň umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.

Oňa gatnaşyjylar beýik şahyrlar Magtymguly Pyragynyň we Taras Şewçenkonyň türkmen we ukrain dillerindäki goşgularyny çeper okadylar. Dostlukly ýurduň iki görnükli şahyry halklarynyň sesine öwrüldi we olar öz döredijiliginde milletleriň ruhy durmuşyny görkezdiler.

Şahyrlar bilen halklaryň ruhy ýakynlygynyň arasyndaky baglanyşyk, türkmen ýaşlarynyň goşgularynyň çeper okalyşynda hem aýdyň duýuldy. Magtymgulynyň “Habar ber - şeýledir”, “Durasyň geler” “”, “Ili gözlär”, “Armanym galdy” (“Печаль зосталася”) ýaly goşgulary Pyragynyň pähim-paýhasyny beýan etdi.

Ukrain halkynyň beýik şahyrynyň “Derek” we “Pikirlerim, pikirlerim...” (“Думи мої, думи мої...”) goşgularyny çeper okamak arkaly, ýaşlarymyz halklarymyzyň ruh we söz ýakynlygyny görkezdi.

Bu çärä gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň ukrain diline terjime edilen “Türkmeniň” («Доля Туркменії»), “Gürgeniň” («Вітром свіжим із Гюргена»), “Jahan senden bihabar” («Не знають»), “Döndi döwür ýamana” («Настав час»), “Göze myhmandyr” («Очей твоїх він гість»), “Твій гожий стан”, “Не піддавайся долі”, “Добро і зло”, “О Боже всеблагий!”, «Не зразу пізнаємо»  we ukrain görnükli şahyry Taras Şewçenkonyň hemişelik şygyrlary, şeýle hem “Gaýdamaklar” («Гайдамаки»), «Заповіт», «Мені тринадцятий минало...» poýemalaryndan bölekler labyzly we çeper okaldy.