TÜRKMEN TALYBY JIU-JITSU SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA UKRAINANYŇ KUBOGYNA MYNASYP BOLDY

img
img
img
img

Merkeziukrain Milli tehniki uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň raýaty Rustam Rahmankulow şu ýylyň 27-29-njy sentýabr aralygynda Ukrainanyň Günbatar sebitinde ýerleşýän Karpat diýen ýerinde geçirilen Jiu-Jitsu söweş sungaty boýunça Ukrainanyň kubogynda 1-nji baýraykly orna mynasyp bolup, altyn medal gazandy.

R.Rahmankulow 63 kilograma çenli agram derejesinde ajaýyp söweş tilsimlerini görkezdi we çempionatda Türkmenistanyň adyndan çykyş edip, “Ýakyn galtaşma” (Close-Contact) kategoriýasynda ýeňiji boldy.

Bellemeli ýeri hem, bu çempionat 2024-nji ýylyň 29-njy noýabry we 2-nji dekabry aralygynda Polşada geçiriljek dünýä çempionatyna saýlanmagyň indiki tapgyry boldy.

Ýeri gelende bellesek, R.Rakhmankulow 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Latwiýanyň Daugawpils şäherinde geçirilen “Doly gatlanşma” (Full-Contact)  kategoriýasynda Jiu-Jitsu söweş sungaty boýunça Dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.