img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE HÄZIRKI ZAMAN JEMGYÝETINDE ZENANLARYŇ TUTÝAN ORNUNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

photo

Ozal habar berşimiz ýaly, 31.03.2026 ý. Türkmenistanyň Mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky düzüm birlikleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň zenan ýolbaşçylary we ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisinde habar berlişi ýaly, maslahatda çykyş edenler zenanlar hakynda alada etmegiň, olaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmagyň, zenana, enä sarpaly garamagyň Gahryman Arkadagyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýöredýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Maslahatyň barşynda zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, jemgyýetçilik we syýasy durmuşda tutýan ornuny berkitmek, olaryň ylymda, bilimde başarnyklaryny we beýleki ugurlarda döredijilik mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaklary üçin döredilýän şertler, maşgala mukaddesliklerini, eneligi we çagalygy goramak, geljekki nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde zenanlaryň eýeleýän möhüm ornuny pugtalandyrmak hem-de häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň tutýan orny babatda pikir-garaýyşlar beýan edildi we tejribe alşyldy.

Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýurtda zenanlaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak, maşgalany goldamak boýunça alnyp barylýan işleri, olaryň bilim, saglyk we ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, bu ugurdaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak barada gazanan üstünliklerini parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä jemgyýetçiligine ýaýmakda uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.