HALKARA YLMY-TEHNOLOGIÝA PARKYNDA «SANLY YLYM» ÝUNESKO KAFEDRASY AÇYLDY
15.04.2026 y. Ylymlar Akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy we maslahat geçirildi. Oňa ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de Ylymlar akademiýasynyň we ylmy-barlag institutlarynyň, Türkmenistanda hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» ÝUNESKO kafedrasynyň açylmagy häzirki wagtda aýratyn üns berilýän sanlylaşdyrmak işinde ylym-bilim we döredijilik mümkinçilikleriniň ilerledilmeginde, bu işde ýöriteleşdirilen halkara düzüm bilen hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn esasda ösdürilmeginde möhüm waka boldy.
Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň wekilleri sanly ulgam arkaly çykyş edip, olar «Sanly ylym» ÝUNESKO kafedrasynyň açylmagy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler. Nygtalyşy ýaly, gurama Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyr. Bu kafedra sanly ulgamda häzirki zaman ylmynyň gazananlary boýunça özara hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn ösdürmäge hem-de milli tejribäni dünýä giňişliginde wagyz etmäge ýardam berer.